Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
"Ahal II" toparynyň "Arkadag II" bilen duşuşygy deňme-deň hasapda tamamlandy
24.06.2025

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilýän çempionatyň 9-njy tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy 23-nji iýunda geçirildi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki “Sport desga” stadionynda geçen duşuşykda “Ahal II” bilen “Arkadag II” toparlary güýç synanyşdy.

Ýaryşyň gyzgalaňly geçen duşuşygy 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Hasaby ilkinji bolup “Arkadag II” toparynyň futbolçysy Arzuwguly Sapargulyýew 40-njy minutda açdy. Oýnuň soňky pursatlarynda bolsa, “Ahal II” toparyndan Kerwen Nasyrow 88-nji minutda jogap pökgüsini geçirip, deňligi üpjün etdi.

Bu netijeden soň “Arkadag II” 33 utuk bilen ýaryş tertibinde birinji orundaky liderligini saklaýar. 29 utuk toplan “Ahal II” bolsa ikinji orny eýeleýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Futbol federasiýasy