GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Altyn Asyr» «Aşgabady» 4:0 hasabynda ynamly ýeňdi, «Nebitçi» bolsa Balkanabatda «Şagadamy» 2:1 hasabynda utdy
12.10.2026

11-nji oktýabrda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 22-nji tapgyrynyň çäginde iki duşuşyk geçirildi. Balkanabatda «Nebitçi» «Şagadamy» 2:1 hasabynda ýeňdi, Aşgabatda «Altyn Asyr» «Aşgabat» toparyny 4:0 hasabynda utdy.

«Nebitçi» bilen «Şagadamyň» arasyndaky duşuşykda hasaby 45+3-nji minutda «Şagadamyň» oýunçysy Serdar Gulyýew açdy. Oýnuň ikinji ýarymynda «Nebitçiniň» oýunçylary tapawutlandylar: 64-nji minutda Baýramgeldi Nurlyýew top geçirdi, 73-nji minutda Daýanç Nuryýew 11 metrlik jerime urgusyndan gol saldy.

«Nebitçiniň» düzüminden Baýramgeldi Nurlyýew (36-njy minut), Aşyrgeldi Saryýew (80-nji), Arslan Ýollyýew (90+1minut) we Maksat Çagbalyýew (90+5 minut) duýduryş aldylar. «Şagadamdan» Serdar Gulyýew (15-nji minut) bilen Hydyrgeldi Atjanow (90+5 minut) duýduryş aldylar.

«Aşgabat» – «Altyn Asyr» oýnunda «Altyn Asyr» toparynyň düzüminden Söhbet Durdyýew (37-nji minut, 11 metrlik jerime urgusyndan), Mekan Aşyrow (51-nji minut, 11 metrlik jerime urgusyndan), Röwşengeldi Halmämmedow (58-nji) we Abdyrahman Annamyradow (80-nji minut) gol geçirdiler.

Bu duşuşykda «Aşgabadyň» oýunçylary Ysmaýyl Nyýazberdiýew (50-nji minut) bilen Didar Didarow (87-nji minut), şeýle hem «Altyn Asyr» toparynyň oýunçysy Myrat Öwezmyradow (88-nji minut) duýduryş aldylar.