«TNGIZT» bilen «Deňizçi» futzal toparlary 8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň çäginde geçirile oýunda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Ýaryşlar Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň howandarlygynda geçirilýär.
Duşuşyk Aşgabatda ýerleşän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda geçirildi.
«TNGIZT» topary üçin Resul Heşdekow (29-njy minutda) we Myrat Onjaýew (34-nji minutda) gol urdy. «Deňizçi» toparyndan Kirill Çaryýew (12-nji minutda) we Maksat Soltanow (37-nji minutda) tapawutlandylar.







