GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Ahal» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji duşuşygynda Butanyň «Paro» topary bilen deňme-deň oýnady
19.10.2026

Türkmenistanyň «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ilkinji oýnunda Butanyň «Paro» topary bilen deňme-deň oýnady (2:2). Türkmenistanly futbol topary 2:0 hasabynda öňde barýardy, ýöne 90-njy minutda ikinji topy goýberip, ýeňşi elden gaçyrdy. Duşuşyk Thimphu şäherindäki «Çanglimithang» stadionynda geçirildi.

Ilkinji topy «Ahal» 26-njy minutda geçirdi. Onuň awtory Aşyr Jumadurdyýew boldy. 38-nji minutda Ýakupmuhammet Gowşudow artykmaçlygy artdyrdy.

Arakesmeden soň «Paro» hasapdaky tapawudy azaltdy. Goluň awtory 54-nji minutda tapawutlanan Sidiki Jawara boldy. 90-njy minutda Mustafa Jallo hasaby deňledi. Emin esasy wagta bäş minut goşdy, ýöne başga top geçirilmedi.

«Ahal» AFK-nyň Çagyryş ligasynda Türkmenistanyň wise-çempiony hökmünde ilkinji gezek çykyş edýär. «Paro» alty gezek Butanyň çempiony boldy, şu möwsümde bolsa ýaryşyň toparlaýyn tapgyryna yzly-yzyna üçünji gezek çykdy.