GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Arkadag II» «Nebitçi II»-ni ýeňdi, «Ahal II» «Şagadam II»-den üstün çykdy
05.10.2026

3-nji oktýabrda futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar birinjiliginiň 19-njy tapgyrynyň senesi üýtgedilen iki duşuşygy geçirildi. Balkanabatda «Arkadag II» «Nebitçi II» toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi, Türkmenbaşyda bolsa «Ahal II» «Şagadam II» toparyny 3:1 hasabynda utdy.

«Nebitçi II» – «Arkadag II» duşuşygynda hasaby 11-nji minutda Ýagmyr Hojiýew açdy, 25-nji minutda Elýas Agöýliýew («Nebitçi II») hasaby deňledi. 52-nji we 56-njy minutlarda Süleýmannazar Gowşudow, 83-nji minutda Saparmyrat Annadurdyýew (ikisi hem «Arkadag II») tapawutlandy. Duşuşyk Balkanabatdaky sport toplumynda geçirildi.

Türkmenbaşydaky «Şagadam» stadionynda geçirilen «Şagadam II» – «Ahal II» duşuşygynda 1-nji minutda hasaby Begenç Mihamow («Şagadam II») açdy. 11-nji minutda Begenç Gylyçniýazow öz derwezesine top geçirdi, 70-nji minutda Medetgeldi Çaryýew, 77-nji minutda Azatmuhammet Hajyýew (ikisi hem «Ahal II») tapawutlandy. «Şagadam II» toparyndan Begenç Gylyçniýazow (8-nji minut), Annageldi Batyrow (40-njy minut) we Gurbanguly Garaýew (52-nji minut), şeýle hem «Ahal II» toparyndan Muhammetaly Nasyrow (27-nji minut) we Berdimyrat Daňatarow (87-nji minut) duýduryş aldylar.