GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda futzal boýunça Naýbaşy liganyň çempionatyna badalga berildi
05.10.2026

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň çempionatyny geçirýär. Ýaryşa bäş topar gatnaşýar: Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň «Köpetdag» topary;

Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň «Deňizçi» topary; «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Senagatbank» topary; Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa» topary, şeýle hem Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy «TNGIZT» topary.

Guramaçylar ähli janköýerleri futzal boýunça Ýokary liganyň duşuşyklaryna tomaşa etmäge çagyrýarlar.