GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky ilkinji oýnuny butanly «Paro» bilen geçirer
16.10.2026

«Ahal» toparynyň futbolçylary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparlaýyn ýaryşynda butanly «Paro», siriýaly «Al-Ittihad» we liwanly «Al-Ansar» toparlary bilen oýnarlar. Bije çekilişiginiň netijesinde bu toparlar «A» toparyna düşdi. Onuň oýunlary 17-nji oktýabrdan 23-nji oktýabra çenli Butanda geçiriler.

Toparlar özara bir tegelekde oýnarlar. «Ahal» ýaryşa 17-nji oktýabrda «Paro» bilen duşuşmak bilen başlar, 20-nji oktýabrda «Al-Ittihad» bilen oýnar, 23-nji oktýabrda bolsa «Al-Ansar» bilen duşuşyp, toparlaýyn tapgyry tamamlar.

«Ahal» AFK-nyň Çagyryş ligasyna Türkmenistanyň wise-çempiony hökmünde ilkinji gezek gatnaşýar. Toparlaýyn tapgyrdaky garşydaşlarynyň hemmesi öz ýurtlarynyň häzirki çempionlarydyr.

AFK-nyň Çagyryş ligasy AFK-nyň Elita Çempionlar ligasyndan we AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-den soň Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň ähmiýeti boýunça üçünji toparlaýyn ýaryşydyr. Ýaryş ösüp barýan futbol assosiasiýalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň futbol toparlary üçin döredildi. Ol 2024/25 möwsüminde täzeden ýola goýuldy. Onuň ozalky görnüşi AFK-nyň Prezident kubogy (2005–2014-nji ýyllar) bolupdy.

Täzelenen ýaryşyň esasy tapgyryna 20 sany futbol toparlary gatnaşýar. Toparlaýyn ýaryşlaryň bir şäherde geçirilmegi uçarda gatnaw bilen bagly çykdajylary azaldýar, şunda toparlaýyn tapgyryň her bir gatnaşyjysyna 100 müň ABŞ dollary möçberinde serişde kepillendirilýär.

Toparlaýyn tapgyryň netijesinde çärýek finala sekiz topar çykar: Günbatar zolagyndan üç toparyň ýeňijileri we ikinji orny eýelänleriň iň gowusy, Gündogar zolagyndan bolsa her toparyň iň gowy iki topary. Çärýek finallar mart aýynda, ýarym finallar aprel aýynda geçiriler, final duşuşygy bolsa 2027-nji ýylyň 8-nji maýyna meýilleşdirilýär.