Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
«Şagadam» ýurdumyzyň Kubogynyň ýarymfinalynda "Ahal" bilen duşuşar
19.06.2025

18-nji iýunda Türkmenistanyň Kubogy ugrunda geçirilýän bäsleşigiň çärýekfinal tapgyrynyň jemleýji gününde Mary şäherinde “Merw” bilen “Şagadam” toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygy geçirildi.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ilkinji duşuşykda 0:0 hasaby bilen deňme-deň oýnan bu toparlaryň arasynda jogap duşuşygy ýeňiji kesgitledi. Netijede, “Şagadam” topary garşydaşyny 4:1 hasabynda ynamly ýeňip, ýarymfinala çykdy.

“Şagadam” duşuşygyň ilkinji ýarymynda hem-de ikinji ýarymynyň başlarynda tapawutlanyp, birbada birnäçe gol bilen öňe çykdy. Aşyr Jumadurdyýew (18), Yhlas Magtymow (45+2, 11 m.j.u.), Ýagşysähet Döwletgeldiýew (57, 11 m.j.u.) we Selim Ataýew (61) gollary geçirmegi başardylar. “Merw” topary diňe 81-nji minutda jogap goluny geçirdi.

Şeýlelikde, “Şagadam” ýarymfinalda “Ahal” bilen duşuşar. Beýleki ýarymfinal duşuşygynda bolsa “Arkadag” bilen “Aşgabat” özara güýç synanyşar.

Çeşme: Türkmenistanyň Futbol federasiýasy