
Paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynda Aziýa Kubogy 2027 bäsleşiginiň saýlama tapgyrynyň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy myhmançylykdaky Taýlandyň ýygyndysyny 3:1 hasaby bilen ýeňdi.
Duşuşykda hasap eýýäm 36-njy sekuntda açyldy — Mihail Titow garşydaşyň goragynyň ýalňyşlykdan peýdalanyp, topy derwezä girizdi. 35-nji minutda bolsa Taýlandyň hüjümçisi Supaçai Jaýded hasaby deňledi.
Emma meýdançanyň eýeleri dessine jogap berdiler — 37-nji minutda Yhlas Saparmämmedow takyk urgy bilen toparyny öňe çykardy. Duşuşygyň soňky goluny bolsa ýygyndymyzyň kapitany Mekan Saparow geçirdi.
15 545 tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçirilen bu möhüm ýeňiş bilen, türkmen ýygyndysy saýlama tapgyrdaky ornuny berkitdi we 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogyna gatnaşmak ugrunda ynamly hereket edýär.