
5-nji iýunda Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirildi. “Sport toplumy” stadionynda geçirilen duşuşykda ýerli “Nebitçi” topary paýtagtyň “Köpetdag” toparyndan 1:0 hasaby bilen üstün çykdy.
Duşuşygyň ýeke-täk goluny “Nebitçi” toparynyň oýunçysy Myrat Amantaganow 3-nji minutda geçirdi.
Bu ýeňiş “Nebitçi” üçin möwsümdäki dördünji boldy. Topar 15 utuk bilen turnir jadwalynyň bäşinji basgançagynda ýerleşýär. “Köpetdag” bolsa 14 oýunda 5 utuk toplap, iň soňky orunda galýar.