Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Kubogy ugrunda çärýekfinal duşuşyklarynyň ilkinji tapgyry geçirildi
21.05.2025

Türkmenistanyň Kubogynyň ilkinji çärýekfinal duşuşyklary güýçli garşydaşlyk bilen başlady. Arkadag şäherindäki duşuşykda ýerli “Arkadag” topary “Nebitçä” garşy ýokary derejeli çykyş edip, garşydaşyny 6:0 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňiş bilen olar jogap duşuşygyndan öň uly artykmaçlyk gazandy.

Duşuşykda “Arkadagyň” futbolçylary – Begenç Akmämmedow, Şanazar Tirkişow, Altymyrat Annadurdyýew, Şamämmet Hydyrow, Didar Durdyýew we Bagtyýar Agabaýew bir-birinden owadan gollary geçirdiler. Şeýle hem duşuşykda birnäçe duýduryş berildi.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen beýleki duşuşykda “Şagadam” bilen “Merwiň” arasyndaky oýun golsuz geçdi – 0:0. Bu duşuşykda hem oýunçular arasynda güýçli garşydaşlyk boldy, birnäçe sary kart berildi.

21-nji maýda galan iki duşuşyk geçiriler: “Altyn Asyr” – “Aşgabat” we “Ahal” – “Köpetdag”. Bu duşuşyklaryň netijesi kubogyň ýarymfinalçylaryny kesgitlär.

Çeşme: Türkmenistanyň Futbol federasiýasy