Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
“Altyn Asyr” “Ahaly” ýeňip, ilkinji orunlara ýakynlaşdy
21.05.2025

18-nji maýda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy geçirildi. Aşgabatdaky “Sport toplumy” stadionynda “Altyn Asyr” topary “Ahaly” kabul etdi. Duşuşyk iki tarapyň hem hüjümçil çykyşlarynda geçdi, emma has netijeli çykyş eden “Altyn Asyr” garşydaşyny 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşygyň ilkinji goluny 12-nji minutda “Altyn Asyryň” oýunçysy Abdyrahman Annamyradow geçirdi. 29-njy minutda “Ahalyň” oýunçysy Nazar Towakelow hasaby deňledi. Emma ilkinji ýarym tamamlanmazdan, 36-njy minutda Ruslan Täjiýew ikinji gol bilen toparyny öňe alyp çykdy. 72-nji minutda bolsa Nazar Towakelowyň topy öz derwezesine gönükdirmegi bilen “Altyn Asyr” hasaby 3:1-e ýetirip, ýeňşi berkidýär.

Bu tapgyrdan soň “Arkadag” (8 oýun) we “Ahal” (11 oýun) toparlary 24 utuk bilen deňleşdiler. “Altyn Asyr” bolsa 22 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär.