Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
“Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary ýeňiş gazandylar
16.05.2025

14-nji maýda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň wagty süýşürilen 14-nji tapgyrynyň jemleýji oýun gününde duşuşyklaryň ikisi geçirildi.

Arkadag şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli “Arkadag” topary Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” toparyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Paýtagtymyzda ýerli “Köpetdag” topary bilen duşuşan “Şagadam” topary möwsümdäki 6-njy ýeňşini gazandy – 0:1.

14-nji tapgyryň birinji oýun gününde “Altyn Asyr” “Merwi (2:0), “Ahal” bolsa “Aşgabat” toparyny (4:0) ýeňlişe sezewar etdiler.

Şeýlelikde geçirilen oýunlardan soň “Ahal” (10 oýunda 24 utuk) topary ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda “Arkadag” (7 oýunda 21 utuk) bilen “Şagadam” (11 oýunda 21 utuk) toparlary ornaşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy