Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
«Arkadag» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy
12.05.2025

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda «Svay Rieng» toparyndan üstün çykyp, çempion boldy.

Kambojanyň paýtagtynda geçirilen oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Goşmaça wagtda bolsa «Arkadag» hasaby 2:1 edip, ýeňşi öz tarapyna agdyrdy.

«Arkadagyň» düzümimde Mekan Saparow (59-njy minut) we Altymyrat Annadurdyýew (112) tapawutlandy.

«Svay Rieng» ýeke-täk goluna Krýa Saret (82) awtorlyk etdi.

Ýeri gelende bellesek, «Arkadagyň» oýunçysy Şanazar Tirkişow turniriň «Iň gowy oýunçysy» hökmünde ykrar edildi.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»