Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
«Zehinler ligasy»: “Ahal” topary ýeňiji boldy
09.05.2025

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan 2007-2008-nji ýyllarda doglan futbolçylaryň gatnaşmagyndaky guralan «Zehinler ligasynyň» Aşgabat sebiti boýunça jemleýji, 7-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.

Jemleýji tapgyryň merkezi duşuşygy ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Ahal” hem-de “Altyn Täç” toparlarynyň arasynda geçirildi. Esasy ünsler goragda jemlenen duşuşykda hasap açylmady. Şeýlelikde, toparlaryň ikisi hem 17 utukdan topladylar, ýöne goşmaça görkezijileriň netijesinde “Ahal” topary birinji orny eýeledi. Birinjiligi ýokary derejede geçiren “Altyn Täç” toparynyň çykyşy ikinji orun bilen jemlendi. Geçiren duşuşyklarynda 13 utuk toplan ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysy (U17) üçünji orna mynasyp boldy. “Köpetdag” (11 utuk), “Garagum” (9 utuk), “Olimp” (8 utuk), “Babarap” (3 utuk) hem-de “Bagyr” (utuk toplap bilmedi) toparlary degişlilikde 4-nji, 5-nji, 6-njy, 7-nji, 8-nji orunlarda ornaşdylar.

Geçirilen duşuşyklarda ezberlik görkezen Eziz Myratlyýew (“Ahal”) birinjiligiň “Iň ökde oýunçysy” diýlip yglan edildi.

Birinjiligiň ýapylyş dabarasynda ýeňiji bolan toparlara baýraklary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Serdar Geldiýew gowşurdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy