
Türkmenistanyň futbol janköýerlerini sport wakalaryna baý dynç güni garaşýar. 2-nji maýda ýurduň ýokary liga klublarynyň arasynda geçirilýän futbol çempionatynyň 9-njy tapgyryna “Altyn Asyr” bilen “Nebitçi” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen badalga berler.
3-nji maýda bolsa birbada üç duşuşyk geçiriler: “Şagadam” öz meýdançasynda “Aşgabat” bilen duşuşar, “Merw” “Köpetdag” bilen güýç synanyşar, tapgyryň merkezi oýnunda bolsa ýaryş tertibiniň öňdäki orunlarynda barýan “Ahal” bilen “Arkadag” toparlary duşuşar.
Bäsleşikleriň düzgünleriniň we tertipnamasynyň berjaý edilmegine ýurduň dürli künjeklerinden gelen ýokary derejeli eminler gözegçilik edýär. Çempionaty dolandyrýan eminleriň hatarynda şeýle hünärmenler bar: E. Annamyradow (Balkanabat), A. Annamyradow (Balkanabat), K. Bersenýewa (Aşgabat), M. Öwezdurdyýew (Mary) hem-de J. Jumamyradow (Aşgabat).