Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Arkadag şäherinde milli futbol çempionatynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirildi
02.05.2025

30-njy aprelde Arkadag şäherinde ýurdumyzyň ýokary liga futbol çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirildi. “Arkadag” topary “Ahal” bilen geçirilen oýunda 3:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, çempionatyň ýaryş tertibinde birinji orna geçmegi başardy.
Duşuşygyň 16-njy minutyna çenli meýdan eýeleri iki tapawutly hasap bilen öňe geçmegi başardy. 14-nji minutda hasaby Ihlas Saparmämmedow açdy, 16-njy minutda bolsa Didar Durdyýew toparyň ikinji goluny geçirdi. 45+2-nji minutda “Ahalyň” düzüminden Meýlis Diniýew tapawudy azaldyp, bir gol bilen jogap gaýtardy. Ýöne duşuşygyň 70-nji minutynda Begenç Akmämmedow “Arkadag” toparynyň üçünji goluny geçirip, oýnuň soňky netijesini — 3:1 — kesgitledi.
Duşuşykdan soň “Arkadag” we “Ahal” toparlarynyň ikisi hem 18 utuk toplady, emma goşmaça görkezijileriň netijesinde “Arkadag” topary ýaryş tertibinde öňdäki basgançagy eýeledi.

Çeşme: Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy