
26-njy aprelde ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyrda ynamly çykyş eden ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Ahal” hem-de “Arkadag” toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar.
“Ahal” myhmançylykda “Nebitçini” (0:1) ýeňen bolsa, сempionatdaky bäşinji duşuşygyny geçiren “Arkadag” topary “Köpetdagy” 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Aşgabat” topary öz meýdaynda “Altyn Asyry” 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda “Şagadam” “Merw” (1:1) bilen deňme-deň oýnady.
Şeýlelikde, 18 hem-de 15 utukdan toplan “Ahal” (7 oýun) bilen “Arkadag” (5 oýun) toparlary degişlilikde birinji, ikinji orunlary eýeleýärler. 13 utuk toplan “Altyn Asyr” topary üçünji orunda ornaşdy.
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň duşuşyklary 2-nji hem-de 3-nji maýda geçiriler: “Altyn Asyr” – “Nebitçi”, “Şagadam” – “Aşgabat”, “Merw” – “Köpetdag”, “Ahal” – “Arkadag”.