Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Futbol çempionatymyzyň 7-nji tapgyrynyň çäginde üç duşuşyk geçirildi
21.04.2025

19-njy aprelde ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň çäginde duşuşyklary üçüsi geçirildi. Myhmançylykda “Aşgabat” toparyndan üstün çykan “Ahal” topary toplan 15 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Myhmançylykda “Merw” bilen duşuşan “Altyn Asyr” topary hem üstünlik gazandy. Paýtagtymyzyň topary ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşykda garşydaşyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Gazanan bu ýeňşinden soň 13 utuk toplan “Altyn Asyr” topary ýaryş tertibinde ikinji orunda ornaşdy. Öz meýdanynda hgeçirilen duşuşykda “Köpetdagy” 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden “Şagadam” topary (11 utuk) üçünji orny eýelemegini dowam edýär.

7-nji tapgyryň jemleýji oýun gününde, 20-nji aprelde “Nebitçi” hem-de “Arkadag” toparlary duşuşarlar.

Çeşme: Türkmenistanyň futbol federasiýasy