GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 18-nji tapgyry: «Arkadag» ýeňiş gazandy, «Merw» «Aşgabatdan» üstün çykdy
01.09.2026

Türkmenistanda ýurduň futbol boýunça çempionatynyň 18-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Iň ynamly ýeňşi «Arkadag» gazandy — ol myhmançylykda «Şagadamy» 3:0 hasabynda ýeňdi. «Merw» öz meýdançasynda «Aşgabady» 3:2 hasabynda utdy, «Köpetdag» bilen «Nebitçi» bolsa 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

«Şagadam» – «Arkadag» duşuşygy Türkmenbaşy şäherindäki «Şagadam» stadionynda geçirildi. Ýeňiji toparyň gollaryny Ýazgylyç Gurbanow (11-nji minutda), Altymyrat Annadurdyýew (65-nji minutda, 11 metrlik jerime urgusyndan) hem-de Begenç Akmämmedow (84-nji minutda) geçirdiler.

Mary şäherindäki «Merw» stadionynda «Merw» topary «Aşgabady» 3:2 hasabynda utdy. Meýdan eýeleriniň hataryndan Mekan Ýazmyradow (67-nji minutda), Mukam Nazzyýew (71-nji minutda) we Salim Umarow (89-njy minutda) tapawutlandylar. Myhmanlaryň gollaryny bolsa Orazaly Begnazarow (12-nji minutda) hem-de Mergen Nurlyýew (76-njy minutda) geçirdiler.

Aşgabatdaky «Köpetdag» sport toplumynda «Köpetdag» bilen «Nebitçi» 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Meýdan eýeleriniň hataryndan Emir Berdiýew (21-nji minutda) we Arslan Saparow (72-nji minutda), myhmanlardan bolsa Akmämmet Metdäýew (9-njy minutda) we Daýanç Nuryýew (28-nji minutda) tapawutlandylar.

29-njy awgustda Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar birinjiliginiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde iki duşuşyk geçirildi.

«Merw II» «Aşgabat II» toparyndan 1:2 hasabynda asgyn geldi. «Köpetdag II» «Nebitçi II» toparyndan 0:3 hasabynda utuldy.