GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýaşlar birinjiliginiň 17-nji tapgyrynyň iki duşuşygy geçirildi
24.08.2026

Türkmenistanyň ýaşlar birinjiliginiň 17-nji tapgyrynyň çäginde iki duşuşyk geçirildi. Çekeleşikli we gollara baý geçen duşuşyklaryň ikisi hem 3:2 hasaby bilen tamamlandy.

 

«Nebitçi II» soňky minutlarda ýeňşi öz tarapyna çekdi

Balkanabat şäherinde ýerli «Nebitçi II» topary «Aşgabat II» toparyny kabul etdi. Oýnuň 27-nji minudynda Wepamyrat Berkeliýew myhmanlary öňe çykardy. Birinji ýaryma goşulan wagtda Mämmethally Mämmedow hasaby deňledi, 49-njy minutda bolsa Ysmaýyl Annagulyýew «Nebitçi II» toparyny öňe geçirdi.

71-nji minutda Şamyrat Şamyradow hasaby ýene-de deňlemegi başardy. Emma duşuşygyň ahyrynda, 90+3-nji minutda, Hydyr Agöýliýew tapawutlanyp, öý eýelerine ýeňiş getirdi.

 

Ismail Kambarowyň dubly «Köpetdag II» toparyna ýeňiş getirdi

Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» stadionynda geçen duşuşyk hem örän çekeleşikli boldy. «Şagadam II» «Köpetdag II» toparyny kabul edipdi. Arzuw Söýjanowyň 9-njy minutda geçiren goluna myhmanlardan Hekim Şyhberdiýew 18-nji minutda jogap berdi. Birinji ýarymyň ahyrynda, 43-nji minutda, Kadyr Uşakow 11 metrlik jerime urgusyny takyk ýerine ýetirip, «Şagadam II» toparyny ýene-de öňe geçirdi.

Oýnuň ikinji ýarymynda bolsa Ismail Kambarow tapawutlandy. Ol 71-nji we 85-nji minutlarda girizen gollary bilen «Köpetdag II» toparyna ýeňiş getirdi.