GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýurdumyzyň «Ahal» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryny Butanda geçirer
20.08.2026

Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) Çagyryş ligasynyň 2026/2027-nji möwsümindäki toparçalaýyn tapgyryň duşuşyk tertibini çap etdi. Düzüminde ýurdumyzyň «Ahal» topary bolan «A» toparçasynyň duşuşyklary Butanda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler.

Ýaryşyň bije çekişligi ozal Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki AFK-nyň öýünde geçirilipdi. Şonda «Ahal» topary Liwanyň «Al-Ansar», Siriýanyň «Al-Ittihad» hem-de Butanyň «Paro» toparlary bilen bilelikde «Günbatar» zolagynyň «A» toparçasyna düşdi.

Toparçalaýyn tapgyryň jemleri boýunça ýaryşyň çärýek finalyna sekiz topar çykar. Pleý-off duşuşyklary öý hem-de myhmançylyk şertlerinde geçiriler. Çärýek final duşuşyklary martda, ýarym final duşuşyklary aprelde oýnalar. Finalyň bolsa 2027-nji ýylyň 8-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

«Ahal» toparçada üç duşuşyk geçirer. 17-nji oktýabrdaky 1-nji tapgyrda türkmen topary «Paro» bilen duşuşar. 20-nji oktýabrda geçiriljek 2-nji tapgyrda «Ahal» toparynyň garşydaşy «Al-Ittihad» bolar. 25-nji oktýabrdaky 3-nji tapgyrda «Ahal» topary «Al-Ansar» bilen oýnar.