GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary kesgitlenildi
19.08.2026

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişlik netijesinde, “Arkadag” futbol toparynyň AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasyndaky (AFK-2) garşydaşlary kesgitlenildi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşirinde habar berildi.

Bije çekişligiň netijesinde milli ýygyndymyz “B” toparçada ýer alyp, ol ýerde Birleşen Arap Emirlikleriniň “Al-Jazira”, Eýranyň “Gol Gohar” we Bahreýniň “Al-Muharraq” toparlary bilen duşuşar. Ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda jemi 32 topar çykyş edip, olar sekiz toparça bölündiler. Merkezi Aziýa sebitinden “Arkadag” toparyndan başga-da, Özbegistanyň “Nasaf” topary hem ýaryşa gatnaşyp, ol “A” toparçada çykyş eder. Duşuşyklar 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda başlar, ýaryşyň final oýny bolsa 2027-nji ýylyň 15-nji maýynda geçiriler. “Arkadag” futbol toparynyň gatnaşmagyndaky duşuşyklaryň anyk seneleri we geçiriljek ýerleri baradaky maglumatlar indi mälim ediler.