GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň ýaşlar birinjiliginiň 16-njy tapgyrynda iki duşuşyk hem deňme-deň tamamlandy
17.08.2026

14-nji awgustda Türkmenistanyň ýaşlar toparlarynyň arasyndaky birinjiliginiň 16-njy tapgyrynda iki duşuşyk geçirildi. Ikisi-de 2:2 hasabynda tamamlandy: «Merw II» topary «Nebitçi II» bilen, «Aşgabat II» topary bolsa «Şagadam II» bilen duşuşdy.

Mary şäherindäki «Merw» stadionynda «Merw II» topary iki gezek öňe saýlandy: 45-nji minutda Alan Hudaýberdiýew, 82-nji minutda bolsa Parahat Orazmuhammedow tapawutlandy. «Nebitçi II» topary hasaby Rüstem Abaýewiň 87-nji we 90+4-nji minutlarda geçiren gollary bilen deňledi. 90-njy minutda «Merw II» toparynyň futbolçysy Parahat Orazmuhammedow duýduryş aldy.

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» stadionynda «Aşgabat II» topary «Şagadam II» bilen duşuşdy. Myhmanlar 11-nji minutda Begenç Muhamowyň goly bilen hasaby açdylar. 46-njy minutda bolsa Ybraýym Guljanow artykmaçlygy goşalandyrdy. «Aşgabat II» toparyndan Şamyrat Şamyradow 34-nji minutda, soňra 90+2-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan gol geçirip, hasaby deňledi. 53-nji minutda «Aşgabat II» toparynyň futbolçysy Ýeňiş Berdimyradow duýduryş aldy.