20-nji awgustda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) Çagyryş ligasynyň 2026/27-nji möwsümi boýunça bije çekişlik dabarasy geçiriler. Şol dabarada Türkmenistanyň «Ahal» futbol toparynyň toparçalaýyn tapgyrdaky garşydaşlary belli bolar. Bije çekişlik AFK-nyň merkezinde Aşgabat wagty bilen sagat 18:00-de geçiriler.
Ýaryşa gatnaşýan toparlar her birinde dört topar bolan bäş toparça bölüner, ýagny üç toparça Günbatar zolagyna, iki toparça bolsa Gündogar zolagyna degişli bolar. Toparçalaýyn tapgyr 2026-njy ýylyň 17 — 24-nji oktýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşde bir aýlawda geçiriler.
Toparçalaýyn ýaryşlary kabul etjek şäherler eýýäm kesgitlenip, olar Kuweýtiň «Al-Kadisiýa», Täjigistanyň «Istiklol», Butanyň «Paro», Indoneziýanyň «Borneo Samarinda» hem-de Mýanmanyň «Şan Ýunaýted» toparlarynyň wekilçilik edýän şäherleridir.
«Ahal» topary öňümizdäki bije çekişlikde Kuweýtiň «Al-Arabi» hem-de Hindistanyň «Goa» toparlary bilen bir hatarda birinji sebetde bolar. Ikinji sebetde «Al-Kadisiýa», şeýle hem Liwanyň «Al-Ansar» hem-de «Nejme» toparlary bar. Üçünji sebet Täjigistanyň «Istiklol», Bangladeşiň «Fortis» hem-de Siriýanyň Halap şäherinden «Al-Ittihad Ahli» toparlaryndan ybarat. Dördünji sebedi Butanyň «Paro», Täjigistanyň «Regar-TadAZ» hem-de Siriýanyň «Homs Al-Fidaa» toparlary düzýär.
Toparçalaýyn tapgyr tamamlanandan soň ýaryş pleý-off tapgyrynda dowam eder. Çärýek final duşuşyklary 2027-nji ýylyň 3 — 18-nji marty aralygynda, ýarym final duşuşyklary bolsa 7 — 15-nji apreli aralygynda geçiriler. Iki tapgyrda-da toparlar öz meýdançasynda hem-de garşydaşyň meýdançasynda iki duşuşyk geçirerler. Ýaryşyň final duşuşygynyň 2027-nji ýylyň 8-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.







