Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilen 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň netijeleri boýunça Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan çap edilen täzelenen reýtingde öz ornuny saklady. Ýygyndymyz 1078,65 utuk bilen 211 milli ýygyndynyň arasynda 141-nji ornuny saklady.
Sebitiň iň güýçli topary öňküligi ýaly Özbegistanyň ýygyndysydyr. Emma ol 10 basgançak aşak düşüp, häzir 60-njy orny eýeleýär. Täjigistan (101-nji orun), Gyrgyzystan (106-njy), Gazagystan (111-nji) we Türkmenistan (141-nji).
Aziýadaky orny
Aziýa ýurtlarynyň ýygyndylarynyň arasynda Türkmenistan 27-nji orny eýeleýär. Aziýada futbolyň öňdebryjylary hökmünde Ýaponiýa (dünýä reýtinginde 17-nji orun), Eýran ((dünýä reýtinginde 22-nji orun) we Awstraliýa (dünýä reýtinginde 28-nji orun) galýar.
Ispaniýanyň ýygyndysy FIFA-nyň dünýä reýtinginiň täze lideri boldy: Dünýä çempionatynda gazanan ýeňşi ispanlara ikinji basgançakdan birinji orna geçmäge mümkinçilik berdi.







