«Altyn Asyr» futbol topary «Nebitçiniň» oýunçysy Elman Tagaýew bilen düzümini güýçlendirdi. Futbol topary hüjümçi Elman Tagaýew bilen şertnama baglaşdy.
Futbol ýoluna «Aşgabat» futbol toparynda başlan Elman Tagaýew dürli ýyllarda «АЗАЛ», «Altyn Asyr», «Sabail», «Ahal», «Andijan» we «Nawbahor» ýaly toparlarda oýnady. Ol «Ahal» bilen AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň 2025/26 möwsümindäki duşuşyklarynyň 6-synyň hemmesine gatnaşyp, 2 top geçirmegi başardy.
Şeýle hem Gurban Annaýew bilen Alibek Abdyrahmanowyň «Nebitçiden» «Altyn Asyra» geçmek meýilleriniň bardygy habar berilýär.







