GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Pakistanyň ilçisi Türkmenistana 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi toplaryny gowşurdy
17.07.2026

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň türgenleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň ugurlaryny kesgitlediler. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Pakistanda ýörite 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty (mundial) üçin öndürilen «Trionda» atly resmi futbol toplarynyň türkmen tarapyna dabaraly gowşurylmagy bu çäräniň aýratyn wakasyna öwrüldi. Bu simwoliki sowgat dünýä birinjiliginiň geçirilýän döwründe döwletleriň agzybirligini we sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny aýdyň görkezdi. Şeýle hem Pakistanyň ilçisi milli sportumyzyň ösmegine goşan goşandyna goýulýan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde şeýle professional topy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekowa gowşurdy.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistanyň we Pakistanyň türgenleriniň arasynda dürli sport görnüşleri boýunça ýoldaşlyk duşuşyklaryny guramaga ýardam etmek barada ylalaşdylar.