Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby Aziýanyň toparlarynyň arasyndaky ikinji derejeli abraýly ýaryşy bolan AFK-2 Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň saýlama tapgyrynda Hindistanyň «Goa» topary bilen güýç synanyşar. Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu möhüm duşuşyk 12-nji awgustda ýurdumyzda, ýagny «Arkadag» stadionynda geçiriler. Ýeke-täk oýundan ybarat bolan bu tapgyryň ýeňijisi göni AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma alar, utulan tarap bolsa ýaryşy AFK-nyň Çagyryş boýunça ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda dowam etdirer.
Ýeri gelende ýatlasak, «Arkadag» topary bu saýlama tapgyra 2024/25 möwsüminiň AFK Çagyryş boýunça ligasynyň çempiony hökmünde gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Bu üstünlik kluba geçen 2025/26 möwsüminde AFK-2 Çempionlar ligasynda üstünlikli çykyş edip, toparçalaýyn tapgyrdan pleý-off tapgyryna çykmaga mümkinçilik beripdi. Şu möwsümde bolsa ýurdumyza wekilçilik edýän beýleki bir topar — 2025-nji ýylda Türkmenistanyň wise-çempiony bolan «Ahal» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş boýunça ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda göni çykyş eder.
Öňde duran duşuşyk türkmen we hindi futbol toparlarynyň arasyndaky gyzykly bäsdeşligiň nobatdaky tapgyry bolar. Geçen ýyllaryň statistikasyna seretsek, türkmen toparlarynyň hindi wekillerine garşy oýunlarda uly artykmaçlygy göze ilýär. Mysal üçin, 2018-nji ýylda «Altyn Asyr» topary «Bengalurudan» (iki oýnuň jemi boýunça 5:2), 2024-nji ýylyň awgustynda bolsa Kalkuttada «Ist Bengal» toparyndan (3:2) üstün çykypdy. Şeýle-de, şol möwsümde «Arkadag» «Ist Bengaly» (3:1), 2025-nji ýylyň sentýabrynda bolsa «Ahal» myhmançylykda «Mohun Bagany» 1:0 hasabynda ýeňmegi başarypdy.
«Arkadagyň» garşydaşy «Goa» topary Hindistanyň Naýbaşy kubogy jemleýji oýnunda «Jamşedpurdan» (3:0) üstün çykyp, bu ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy. Geçen möwsümde hem bu topar Omanyň «Al-Sib» toparyny ýeňip, toparçalaýyn tapgyra çykmagy başarypdy.







