GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýokary liga: «Aşgabadyň» uly ýeňşi we lideriň nobatdaky üstünlikli oýny
31.05.2026

2026-njy ýylyň 30-njy maýynda, şenbe güni, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň gyzykly duşuşyklarynyň üçüsi geçirildi. Oýun güni netijeli boldy: toparlar jemi 12 top geçirdiler, tapgyryň baş gahrymany bolsa het-trigiň awtory boldy.

 

Soltanowyň het-trigi «Aşgabada» uly hasaply ýeňiş getirdi

«Aşgabat» – «Merw» — 5:1

 

Günüň iň köp gol salnan duşuşygy paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçdi. Meýdançanyň eýeleri «Merwiň» derwezesine bäş gol geçirip, uly hasaply ýeňiş gazandylar.

Duşuşygyň birinji ýarymy tamamlanmazdan ozal, Merdan Muhadow hasaby açdy. Oýnuň ikinji ýarymynda bolsa Şatlyk Gurbanow tapawutlanyp, hasaby artdyrdy. Duşuşygyň gahrymany bolsa Pirmyrat Sultanow boldy — ol 69-njy we 84-nji minutlaryň aralygynda het-trik etmegi başardy (soňky top jerime urgudan geçirildi). Myhmanlar bu geçirilen toplara diňe 86-njy minutda Abdyresul Abdyýewiň ussatlygy bilen jogap berip bildiler.

 

  • Geçirilen toplar: M. Muhadow (44), Ş. Gurbanow (65), P. Soltanow (69, 79, 84-jerime urgy) — A. Abdyýew (86).

     

 

«Arkadag» Türkmenbaşy şäherinde üstünlik gazandy

«Şagadam» – «Arkadag» — 1:4

 

Birinjiligiň lideri bolan «Arkadag» topary ýurdumyzyň günbatar sebitinde myhmançylykda bolup, ýerli «Şagadamdan» ynamly üstün çykdy.

Myhmanlar duşuşygyň birinji ýarymynda Rahman Myratberdiýewiň we Daýanç Meredowyň geçiren toplarynyň saýasynda özleri üçin amatly hasaby üpjün etdiler. Oýnuň birinji ýarymyna goşulan wagtda «Şagadamdan» Guwanç Waliýew hasapdaky aratapawudy azaltsa-da, ýerli topara oýnuň gidişini üýtgetmek başartmady. Duşuşygyň ikinji ýarymynda «Arkadagyň» oýunçylary Güýçmyrat Annagulyýew we Resul Hojaýew 11 metrlik jerime urgularyny (jerime urgy) takyk ýerine ýetirip, duşuşygyň ahyrky hasabyny kesgitlediler.

  • Geçirilen toplar: Waliýew (45+2) — R. Myratberdiýew (5), D. Meredow (45), G. Annagulyýew (70-jerime urgy), R. Hojaýew (79-jerime urgy).

 

Duýduryşlaryň «ýagşy» we «Nebitçiniň» kiçi hasaply ýeňşi

«Nebitçi» – «Köpetdag» — 1:0

 

Balkanabatda geçirilen duşuşyk iň dartgynly oýunlaryň biri boldy. «Nebitçi» we «Köpetdag» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ykbalyny 17-nji minutda Seýitmämmet Hojamämmedowyň geçiren ýeke-täk goly çözdi.

Oýun köpsanly duýduryşlar bilen ýatda galdy. Duşuşygyň baş emini A. Begnazarow oýunçylara jemi 10 duýduryş berdi. Şolaryň 8-sini bolsa öz janköýerleriniň öňünde bu ýeňşi elde saklamak üçin bar güýjüni goýan «Nebitçiniň» futbolçylary aldylar.

  • Geçirilen toplar: S. Hojamämmedow (17).

 

Şeýlelik bilen, «Arkadag» çempionatda öňdebaryjylygy saklaýar. «Ahal» bolsa ikinji orny eýeleýär.