GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Ahal II» we «Şagadam II» ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 10-njy tapgyrynda ýeňiş gazandylar
25.05.2026

Ýokary liganyň futbol toparlarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 10-njy tapgyrynyň çäklerinde «Ahal II» we «Şagadam II» toparlary ýeňiş gazandylar.

Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» stadionynda «Şagadam II» «Köpetdag II» toparyny 3:0 hasaby bilen ýeňdi. Aşyrmämmet Taganmyradow 3-nji minutda hasaby açdy, Arzuw Söýjanow 21-nji minutda artykmaçlygy artdyrdy we 86-njy minutda ýene bir top geçirmegi başardy.

23-nji maýda «Ahal II» Mary şäherindäki «Merw» stadionynda «Merw II» toparyny 4:0 hasaby bilen ýeňdi. Toplary Azatmuhammet Hajyýew (10-njy minutda), Begenç Orazmuhammedow (56-njy minutda), Muhammedaly Nasyrow (86-njy minutda) we Eziz Myratlyýew (90+2-nji minutda) geçirdiler.

Şol gün Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» stadionynda «Nebitçi II» «Aşgabat II» toparyny 2:1 hasaby bilen ýeňdi. Arslan Muhammedow 29-njy minutda «Aşgabat II» toparyny öňe çykardy. Emma Söýenç Toýçyýew we Elýas Agöýliýew 54-nji we 55-nji minutlarda oýnuň gidişini üýtgedip, «Nebitçi II» toparyna ýeňiş getirdiler.

24-nji maýda geçirilen duşuşykda «Arkadag» toparynyň ýaşlar düzümi «Altyn Asyr II»-ni 3:2 hasaby bilen ýeňdi. «Altyn Asyr II» toparynyň wekili Weýisgeldi Orazdurdyýew 22-nji we 29-njy minutlarda garşydaşyň derwezesine iki gezek top geçirdi, emma Diýargylyç Urazow (44-nji minutda), Eduard Sarkisýan (77-nji minutda) we Begenç Agajumaýew (81-nji minutda) «Arkadag II» toparyna ýeňiş getirdiler.

Şeýlelik bilen, Ýokary liganyň futbol toparlarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde öňdeligi «Arkadag II» eýeleýär, ikinji orunda «Nebitçi II» ýerleşdi, üçünji orunda bolsa «Şagadam II».