Şenbe güni, 23-nji maýda, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň iki duşuşygy geçirildi. «Şagadam» «Köpetdag» bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady, «Arkadag» bolsa «Altyn Asyry» 5:0 hasabynda uly tapawut bilen ýeňdi.
«Köpetdag» — «Şagadam» duşuşygy türkmen paýtagtyndaky «Aşgabat» stadionynda geçirildi. Oýun gol salynmazdan tamamlandy, ýöne 90+3-nji minutda «Köpetdagyň» futbolçysy Musaguly Zorjykow meýdançadan çykaryldy. Duşuşykda duýduryşlar hem berildi.
Arkadag şäherinde geçirilen duşuşykda «Arkadag» topary «Altyn Asyry» 5:0 hasabynda ýeňdi. Didar Durdyýew 27-nji minutda we 64-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan pökgi geçirip, iki gol urdy. Baýram Ataýew, Ýazgylyç Gurbаnow we Arzuwguly Sapargulyýew bolsa degişlilikde 55-nji, 65-nji we 69-njy minutlarda tapawutlandylar. Duşuşykdaky ýeke-täk duýduryş 16-njy minutda «Altyn Asyryň» futbolçysy Myrat Öwezmyradowa berildi.
Ýekşenbe güni, 24-nji maýda, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň ýene iki duşuşygy geçirildi.
Mary şäherindäki «Merw» stadionynda öý eýeleri («Merw» topary) «Ahal» tarapyndan 1:3 hasabynda ýeňlişe sezewar edildi. «Ahalyň» düzüminde Süleýman Mirzоýew (jerime urgy, 52-nji minutda), Myratberdi Berenow (60-njy minutda) we Ýakupmuhammet Gowşudow (84-nji minutda) tapawutlandylar. «Ahalyň» derwezesine ýeke-täk topy 90-njy minutda Ezizmämmet Orazmämmedow geçirdi.
Aşgabatda ýerleşýän «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» topary «Nebitçini» 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýeke-täk topy 16-njy minutda Nurulla Reýimbаýew geçirdi.
Şeýlelik bilen, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda birijiligi «Arkadag» eýeleýär, ikinji orny «Ahal» topary eýeleýär, üçünji orunda bolsa «Altyn Asyr» ýerleşdi.







