«Nebitçi II» we «Şagadam II» Ýokary liganyň futbol toparlarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 9-njy tapgyrynda üstünlikli çykyş etdiler.
Bu tapgyrda iki duşuşyk geçirildi: «Nebitçi II» «Merw II» toparyny kabul etdi, «Şagadam» toparynyň ýaşlar düzümi bolsa «Aşgabat» toparynyň ýaşlar düzümine garşy oýnady. Iki duşuşyk hem öý eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy.
19-njy maýda Balkanabat şäherinde «Nebitçi II» «Merw II» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Iki goluň hem awtory 53-nji we 81-nji minutlarda jerime urgudan tapawutlanan Elýas Agöýliýew boldy. «Nebitçi II» toparyndan Amanmyrat Täçliýew, «Merw II» toparyndan bolsa Begli Annaýew we Ýakup Atamyradow duýduryş aldylar.
Şol gün «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda «Şagadam II» «Aşgabat II» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňijileriň gollaryny Didar Nazjanow we Arzuw Söýjanow geçirdiler, myhman toparyndan bolsa Myratnazar Jumanazarow tapawutlandy.
Şeýlelikde, ýaryşda öňdeligi «Arkadag II» eýeleýär. Ikinji orunda «Nebitçi II» ýerleşdi. «Şagadam II» bolsa üçünji orny eýeleýär.







