GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Maryda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň ikinji aýlawynyň 6-nji tapgyry tamamlandy
19.05.2026

Mary şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň sport toplumynda — Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baş müdirliginiň desgasynda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynyň ikinji aýlawynyň nobatdaky oýunlary geçirildi.

«A» toparçasynda «Senagatbank» topary «Faraby» 3:0 hasaby bilen ynamly ýeňdi, «Köpetdag» bolsa «Gümrükçi» topary bilen dartgynly duşuşykda 5:3 hasabynda üstün çykdy.

«B» toparçasynda «Migrasiýa» «Nesili» uly hasap bilen — 13:3 ýeňlişe sezewar etdi, «Denizçi» bolsa Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň toparyny 5:2 hasaby bilen utdy.

Şeýlelikde, «A» toparçada «Köpetdag» birinji orny eýeleýär, «B» toparçada bolsa «Migrasiýa» öňdeligi eýeleýär.