GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Arkadag» we «Ahal» Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 8-nji tapgyrynda garşydaşlaryny uly hasap bilen ýeňdiler
19.05.2026

Nebitgaz toplumynyň «Ahal», «Şagadam» we «Nebitçi» toparlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Iň ynamly ýeňişleri «Arkadag» we «Ahal» toparlary gazandylar.

Iň netijeli duşuşyk Mary şäherinde boldy: «Arkadag» «Merw» toparyny 7:0 hasabynda uly tapawut bilen ýeňdi. Didar Durdyýew het-trik etdi. Şamämmet Hydyrow, Daýanç Meredow, Welmyrat Ballakow we Ýazgylyç Gurbаnow dagylar bolsa hersi bir gol geçirdiler.

Aşgabatda «Ahal» «Köpetdag» toparyny 4:0 hasabynda ynamly ýeňdi. Duşuşygyň soňky netijesini köp babatda 53-nji minutda öý eýeleriniň oýunçysy Galabeg Jumamyrаdowyň meýdançadan çykarylmagy kesgitledi. Şondan soň Nazar Towakelow, Bäşim Gurbanberdiýew we Hakmuhammet Bäşiýew myhmanlaryň uly ýeňşini resmileşdirdiler.

Türkmen paýtagtynda geçen üçünji duşuşykda «Altyn Asyr» «Aşgabat» toparyny 1:0 hasapda ýeňdi. Ýeke-täk goly 86-njy minutda Abdyrahman Annamyradow geçirdi.

Balkanabatda «Nebitçi» bilen «Şagadam» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyk bolsa 0:0 hasabynda tamamlandy.

Şeýlelikde, «Arkadag» ýaryşda birinji orny eýeleýär. «Ahal» üçünji orny eýeleýär.