Ýokary liganyň futbol toparlarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 8-nji tapgyrynda Balkanabadyň «Nebitçi II» topary «Şagadam» toparynyň ýaşlar düzümini 5:2 hasabynda uly tapawut bilen ýeňdi.
Duşuşyk 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda Balkanabat şäherinde geçirildi. Oýnuň ýeňijileri hasaby 9-njy minutda açdylar: Elýas Agöýliýew oýnuň dowamynda iki gezek tapawutlanmagy başardy. Arakesmeden soň Nurgeldi Gurbаnow, Söýenç Toýçyýew we Muhammethally Mämedow topy derwezä saldylar. «Nebitçi» toparynyň ýaşlar düzüminiň derwezesine iki top hem Muhammet Allaberdiýew tarapyndan geçirildi.
Duşuşykda «Nebitçi II» futbol toparynyň oýunçylary Ysmaýyl Annagulyýew we Söýenç Toýçyýew, «Şagadam II» futbol toparynyň oýunçysy Gurbanmämmet Halmämmedow duýduryş aldylar.
Şeýlelikde, häzirki wagtda 16 utuk toplan «Arkadag II» ýaryşda öňdeligi eýeleýär. Ikinji orunda «Nebitçi II» ýerleşýär. Onuň 12 utugy bar. Üçünji orunda bolsa toplan 11 utugy bilen «Ahal II» eýeleýär.







