13-nji aprelde futzal toparlarynyň sekizisiniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasyna badalga berildi.
Ýaryşa «TNGIZT», «Deňizçi» (Balkan welaýaty), «Köpetdag», «Senagatbank», «Migrasiýa» (Aşgabat şäheri), «Gümrükçi», «Farap», «Nesil» (Lebap welaýaty) toparlary gatnaşýarlar.
Toparlar ilki deslapky tapgyryň duşuşyklaryny geçirerler. Iki aýlawdan ybarat bolan deslapky tapgyryň duşuşyklary Lebap hem-de Mary welaýatlarynda geçiriler. Deslapky tapgyrda netijeli çykyş eden toparlar şu ýylyň güýz aýlarynda geçiriljek final tapgyryna çykmaga mümkinçilik alarlar.
Deslapky tapgyrda toparlar iki toparçada (“A” toparçada: «Köpetdag», «Farap», «Senagatbank», «Gümrükçi»; “B” toparça: «Deňizçi» – «Nesil», «Migrasiýa», «TNGIZT») ýeňijini özara kesgitlärler.
Naýbaşy futzal ligasynyň ilkinji oýun gününde “B” toparçanyň wekilleri özara bäsleşdiler. Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde «Deňizçi» «Nesil» toparyndan (7:1), «TNGIZT» bolsa «Migrasiýa» toparyndan (7:5) üstün çykdylar.
14-nji aprelde “A” toparçada çykyş edýän toparlar özara bäsleşerler: «Köpetdag» – «Farap» (17:00), «Senagatbank» – «Gümrükçi» (19:00).







