GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Arkadag», «Altyn Asyr» hem-de «Şagadam» Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda öňdäki orunlary eýeleýärler
13.04.2026

«Arkadag», «Altyn Asyr» hem-de «Şagadam» toparlary ikinji tapgyryň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň netijelerine görä, Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda öňdäki orunlary eýeleýärler.

«Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» topary garşydaşyndan 1:0 hasabynda üstün çykmagy başardy.

Ikinji tapgyryň birinji oýun gününde duşuşyklaryň üçüsi geçirildi: «Merw» «Nebitçi» toparyny 4:1 hasabynda utmagy başardy, «Şagadam» «Aşgabatdan» 3:1 hasap bilen üstün çykdy, türkmen paýtagtynyň «Altyn Asyr» topary bolsa «Köpetdagyň» derwezesine 3 top geçirdi.