«Nebitçi II» topary Ýokary liganyň toparlarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň tertibinde birinji orna geçdi. Myhmançylykda «Nebitçi II» «Merw II» toparyndan üstün çykyp, 6 utuk toplamagy başardy.
«Arkadag II», «Altyn Asyr II», «Ahal II» toparlary bolsa 4 utuk toplamagy başardylar, «Şagadamyň II» bolsa 3 utugy bar.
Ikinji tapgyryň birinji oýun gününde duşuşyklaryň ikisi geçirilip, onda myhmançylykda çykyş eden «Şagadam II» bilen «Altyn Asyr II» toparlary degişlilikde «Aşgabat II» (0:2) hem-de «Köpetdag II» (0:3) toparlaryndan üstün çykdylar. 11-nji aprelde geçirilen duşuşykda bolsa «Arkadag II» hem-de «Ahal II» toparlary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.







