GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Şagadam II» Türkmenistanyň ýaşlar birinjiliginiň ikinji tapgyrynyň çäklerinde «Aşgabat II» toparyny utdy
11.04.2026

10-njy aprelde Türkmenistanyň ýaşlar birinjiliginiň ikinji tapgyrynyň çäklerinde duşuşyklaryň ikisi geçirildi.

Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşykda «Şagadam II» topary «Aşgabat II» toparyny ýeňdi. Oýun 2:0 hasabynda tamamlandy. «Altyn Asyr II» bolsa paýtagtymyzyň «Köpetdag II» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy.

Geçirilen duşuşyklardan soň 4 utuk toplan «Altyn Asyr II» topary öňdäki orny eýeleýär.

11-nji aprelde «Arkadag II» «Ahala II» garşy oýnar, 12-nji aprelde bolsa «Merw II» «Nebitçi II» bilen duşuşar.