GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň ikinji tapgyry başlady
10.04.2026

10-njy aprelde Ýokary liganyň futbol toparlarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ikinji tapgyry başlaýar.

Ikinji tapgyryň birinji oýun gününde «Aşgabat II» – «Şagadam II», «Köpetdag II» – «Altyn Asyr II» toparlaryň arasynda duşuşyklar geçiriler. 11-nji aprelde «Arkadag II» bilen «Ahal II», 12-nji aprelde bolsa «Merw II» bilen «Nebitçi II» birinjilik ugrunda ussatlyk görkezerler.

Birinjilige 8 topar gatnaşýar: «Arkadag II» (Arkadag şäheri II), «Ahal II» (Ahal welaýatynyň Änew şäheri), «Altyn asyr II» (Aşgabat şäheri) «Şagadam II» (Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri), «Nebitçi II» (Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri), «Merw II» (Mary welaýatynyň Mary şäheri), «Aşgabat II» (Aşgabat şäheri) hem-de «Köpetdag II» (Aşgabat şäheri).