GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Ahal» «Şagadam» we «Nebitçi» Türkmenistanyň futbol boýunça çemponatynda çykyş ederler
07.04.2026

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji tapgyry tamamlandy. Jemleýji oýun gününde «Arkadag» topary «Merwi» 7:1 hasabynda ynamly ýeňlişe sezewar eden bolsa, «Aşgabat» toparyny kabul eden «Altyn Asyr» hem birinjiligi ýeňiş bilen başlady. Duşuşyk 4:1 hasaby bilen tamamlandy.

Bu çempionatyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary 11-nji hem-de 12-nji aprelde geçiriler.

Onuň çäklerinde şu oýunlar geçiriler: «Merw» – «Nebitçi»; «Aşgabat» – «Şagadam»; «Köpetdag» – «Altyn Asyr»; «Arkadag» – «Ahal».