4-nji aprelde Türkmenistanyň futbol boýunça çemponatynyň täze möwsümi başlady. Birinji tapgyryň çäginde duşuşyklaryň ikisi geçirildi.
Türkmen paýtagtynda geçirilen oýunda «Ahal» topary «Köpetdag» toparyny 5:1 hasabynda utdy. «Ahalyň» düzüminde Mirzoýew Süleýman, Orazow Oraz, Annamyradow Yslam, Bäşimow Hakmuhammet we Bäşimow Ýakupmuhammet tapawutlandylar.
Tapgyryň beýleki duşuşygynda «Şagadam» topary Balkanabat şäheriniň «Nebitçisinden» 1:0 hasabynda üstün çykdy.
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol boýunça çemponatynyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 2026-njy ýylyň 4-nji apreli bilen 20-nji iýuny aralygynda geçiriler. Üçünji we dördünji aýlawlaryň oýunlary bolsa möwsümiň ikinji ýarymynda dowam etdiriler.







