4-nji aprelde Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol boýunça çemponatynyň täze möwsümine badalga berler. Dört aýlaw boýunça geçiriljek birinjilige sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi», «Aşgabat», «Merw» we «Köpetdag» gatnaşar.
Ilkinji bolup «Ahal» bilen «Köpetdag», şeýle hem «Şagadam» bilen «Nebitçi» toparlary özara güýç synanyşarlar. 5-nji aprelde «Arkadag» — «Merw» hem-de «Altyn Asyr» — «Aşgabat» toparlarynyň arasynda duşuşyklar bolar.
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol boýunça çemponatynyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 2026-njy ýylyň 4-nji apreli bilen 20-nji iýuny aralygynda geçiriler. Üçünji we dördünji aýlawlaryň oýunlary bolsa möwsümiň ikinji ýarymynda dowam etdiriler.
Ýeri gelende bellesek, geçen möwsüm Türkmenistanyň çempionaty «Arkadag» toparynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy. «Ahal» topary kümüş medala mynasyp boldy, «Altyn Asyr» bolsa üçünji orny eýeledi.







