Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyrynyň soňky oýnunda Türkmenistanyň we Tailandyň ýygyndylarynyň ikisiniň hem Aziýa Kubogyna çykmaga mynasypdygyny belledi. Şeýle-de bolsa, ýaryşyň düzgünlerine görä, diňe bir topar öňe geçip biler. Bu barada ol duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
Röwşen Meredow toparyň her bir oýunçysynyň ýagty geljeginiň bardygyny hem belledi.
D topardaky Türkmenistan bilen Tailand ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk Bangkokdaky «Rajamangala» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasaby bilen tamamlandy.
Tailandyň ýygyndysy 15 utuk bilen toparda birinji orny eýeläp, Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşa ýoluny açdy. Türkmenistanyň ýygyndysy bolsa 12 utuk bilen ikinji orny eýeläp, çykyşyny tamamlady.
Türkmen ýygyndysynyň esasy düzümine «Arkadag», «Nebitçi» we beýleki futbol toparlarynyň oýunçylary girdiler.







