GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Ahal» futbol toparyndan Bagtyýar Gürgenow «Altyn Asyra» goşuldy
28.02.2026

28 ýaşly tejribeli goragçy Bagtyýar Gürgenow erkin agent hökmünde «Altyn Asyr» futbol toparyna goşuldy. Ol öň «Ahalyň» düzüminde çykyş edýärdi.

Bagtyýar Gürgenow sport ýoluna «Köpetdag» futbol toparynda başlady. Soňra ol «Altyn Asyrda» çykyş etdi, ondan soň ýene-de «Köpetdaga» dolanyp geldi. Şeýle-de goragçy Özbegistanyň «Gyzylgum» toparynda oýnady. Soňky möwsümlerde bolsa «Ahal» toparynyň hatarynda çykyş etdi. Indi bolsa Bagtyýar täzeden «Altyn Asyryň» düzümine goşuldy.

Ol 2025/26 möwsüminde AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2 ýaryşynda «Ahalyň» düzüminde alty duşuşygyň hemmesinde doly oýnap, iki gol geçirmegi başardy.

«Transfermarkt» portalynyň maglumatyna görä, Bagtyýar Gürgenowyň bazar bahasy 50 müň ýewro diýlip görkezilýär.