GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Serdar Orazalyýew "Nebitçi" futbol toparynyň düzümine goşuldy
18.02.2026

Täze möwsümiň öňüsyrasynda «Nebitçi» futbol topary öz düzümine täze oýunçyny goşandygyny habar berdi.

Balkanabat şäherinden bolan "Nebitçi" toparynyň düzümine paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparyndan 26 ýaşly derwezeban Serdar Orazalyýew goşuldy.

Mundan başga-da "Nebitçi" täze möwsüme taýýarlygyň çäklerinde birnäçe üýtgeşmeleri amala aşyrdy. Resmi maglumatlara görä, "Nebitçi" "Ahaldan" hüjümçi Elman Tagaýew, goragçy Alibek Abdurahmanow, ýarymgoragçy Gurban Annaýew hem-de hüjümçi Begenç Mämiýew bilen şertnamalar baglaşdy. Şeýle hem topara goragçy Maksat Çagbalyýew gaýdyp geldi.