Türkmenistanly "Ahal" futbol kluby AFC-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň soňky duşuşygyny iordaniýaly "Al-Huseýn" garşy Ammanda geçirdi. Oýun 3:1 hasaby bilen iordanlylaryň ýeňişi bilen tamamlandy. Türkmen toparynda Elman Tagaýew tapawutlanyp bildi.
"Ahalyň" toparçalaýyn tapgyrdaky ýoly şowsuz boldy. Birinji tapgyrda türkmen topary Hindistanly "Mohun Bagany" 1:0 hasabynda ýeňdi. Emma Aziýa futbol konfederasiýasy hindi toparyny "Sepahan" bilen geçiriljek meýdançadan daşardaky oýna gelmändigi üçin ýaryşdan çykardy we "Ahal" bilen bolan duşuşygyň netijelerini ýatyrdy.
Ikinji tapgyrda "Ahal" Türkmenistanda "Al-Huseýnden" 1:4 hasabynda uly ýeňliş çekdi.
Eýran "Sepahanyna" garşy oýunlarda türkmen topary mynasyp oýun görkezdi. Birinji duşuşyk 0:1 hasabynda ýeňliş bilen tamamlandy, ikinji oýunda bolsa "Ahal" 2:2 deňme-deň oýnady. Iki duşuşyk hem Yspaganda geçirildi, sebäbi AFC oýunlaryň biriniň Arkadag şäherinde geçirilmegi barada deslapky çözgüdi üýtgedip, duşuşygy Eýrana geçirmek barada karar kabul etdi.







