
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň yza süýşürilen duşuşygy “Ahal” üçin şowsuz tamamlady. Olar “Arkadag” şäheriniň stadionynda geçirilýän oýunda myhmançylykda 3:0 hasap bilen ýeňildiler.
Duşuşygyň ikinji ýarymy “Arkadag” üçin örän üstünlikli boldy: 56-njy minutda Altymyrat Annadurdyýew, 58-de Ýazgylyç Gurbanow we 73-nji minutda Begenç Akmämmedow öz toparlaryna ýeňiş gazandyryjy gollary geçirdiler.
“Ahalyň” bu ýeňlişi onuň çempionlyk ugrunda güýçli garşydaşy bilen aratapawudyny artdyrdy. Häzirki wagtda olar 28 utuk bilen ikinji orunda galýarlar. 13 duşuşykda 13 ýeňşi gazanan “Arkadag” bolsa 39 utuk bilen ilkinji orny berk eýeleýär.
Oýunda ýeke-täk duýduryş “Ahalyň” oýunçysy Elman Tagaýewe 82-nji minutda berildi.