GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy «Dil – parahatçylyk köprüsi» atly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky maslahatda çykyş etdi
13.11.2026

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Dil – parahatçylyk köprüsi» atly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky onlaýn okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Onda «Rus dili – dürli medeniýetleriň we halklaryň arasyndaky köpri» temasyny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy O.B. Annataganowa açyp görkezdi.

Onlaýn görnüşde geçirilen maslahata ýurdumyzyň 12 ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we usulyýetçileri gatnaşdy. Olar tejribe alyşdylar, dil bilimi ulgamyndaky ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar we usulyýet işläp düzmeleri bilen tanyşdyrdylar.

Gün tertibine aragatnaşyk başarnyklaryny ösdürmek, ýörite maksatlar üçin iňlis dilini okatmak, tehniki adalgalary özleşdirmek, medeniýetara dialog, şeýle hem bilim bermek işlerine emeli aňy we sanly platformalary ornaşdyrmak meseleleri girizildi.

O.B. Annataganowanyň çykyşyndan başga-da, tehniki iňlis dilini okatmakda emeli aňyň ulanylyşy, pudaklardaky terjime we geljekki inženerlere tehniki adalgalary okatmak barada çykyşlar edildi.